Ak garyna, sowuktap howasyna, daragtlaryň şahasyna hünji deýin düzülýän buz bölejiklerini küýseden ak gyş bosagamyzdan ätledi. Arzuwlarymyzy köken deýin düzüp, symrug guş deýin owadan jemally Arça baýramçylygyny hem goýnuna alyp, ak garly gyş dünýämizde düşledi. Gyşyň ilkinji günleri tebigatyň dünýäsine-de öz täsirini ýetirip başlady. Howa sowap, bulutlar ýygjamlaşyp, asman goňras-gara reňke beslendi. Argynlygyny gyşyň gujagynda sumat etmek meýline berlen ene topragyň hem indi kaddy aram tapsa gerek. Gargalaryň gagyldysy bu paslyň gelerine aşa garaşýan we aşa begenýän bu guşlaryň howalasyny has artdyrdy. Daragtlaryň şahalary syp-syrdam bolşup duranyna uýalýan ýaly, buzdan hünji dakmak üçin çaltrak garyň ýaganyny isleýäne çalym edýär. Töwerekde agraslyk we gyşa mahsus gyňyr gylykly howa gurşawy höküm sürýär. Ynsanlaryň ählisi bu pasla aýratyn şatlyk çaýýan Täze ýyl baýramyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Arça gözelliginiň täsiri-hikmeti her bir köňli gobsundyryp, her bir ýüregi heýjana salýan bolsa gerek. Päkize arzuwlara meňzeş Aşgabadymyz bolsa, ýene sanlyja günlerden tylla ysyrga dakynan aýly gijeleriniň röwşüni arça jäjekleriniň täsiri bilen hasam nurlandyrar. Asmandan yşyklap bakýan aý, täsirli we syrly göz gypyşýan ýyldyzlar, zerbaplygyň naýbaşy derejesine beslenip oturan bezemen arçalar hä diýmän, eziz paýtagtymyzy hoşsurat jemala eýe eder. Paýtunlarda edilýän gezimler, Garpamykdyr Aýazbabanyň hoşniýetli gezimlerine beslenjek Aşgabat dekabryň soňky günlerinde hasam görkana bolar. Çünki Täze ýylyň dürli bezegleri onuň kamatyny hem görklendirer, hem parhlandyrar.
Salam, ak gyş, köňülleriň kökeni,
Salam, aklyk dünýäsiniň serweri.
Göwnüň joşgun tapyp, ganat kakany,
Aşa buýsandyrýaň kalby hem seri.
Sende arzuwlaryň gory jem bolar,
Sende gözelligiň düri jem bolar,
Owadan arzuwly päkize gyşym,
Wasp etmesem, egsik bolar, kem bolar.
Ak garyňy hikmet saýyp gezdigim,
Şanyňa şygyrdan taryp ýazdygym,
Arçalary bilen kalba nur çaýýan,
Gyşym, gyşym, arzuwlaplar gezdigim.
Hawa, bu owadan pasyl umyt dünýämi çyraglandyryp, wysala meýilli göwnüme kanagat paýlap, barha we barha gursagyma aralaşýar. Howa sowugam bolsa, tebigatyna maýyl bolup bakýan bu paslymda gör, niçe şatlyk we täsir bar! Ak haly bolup düşelýän garynda kerem, ygal-doly bolup seçelenýän nurunda hikmet bar bolansoň, gyş arzyly we islegli pasyl. Daýhan üçin-ä gyş aýratyn bir serpaý. Ol geljekki hasylynyň miwesini hut gyşyň gelşi bilen ölçerer. Çopan-çolugam her näçe gazabyna tutsa-da, gyşy arzylaman bilenok. Çünki sähralarda, giň çöllerde gyşyň üýtgeşik peýzažy, aşa aýazly howasy olary eserdeňlikde we maljanlylykda taplaýar. «Mal başy tükel bolsa, bagtym — goşadan geler» diýýän çopan üçin, gyş pasly aýratyn bir synag möwsümi. Synaglarda taplanan tejribeli çopan gyşdan asla eýmenmez, gaýtam, gar suwuny lezzet saýyp, taňka çaýy edip taýynlar. Gar suwunyň jana melhem, mala emdigini bolsa düşündirip oturmagyň hajaty hem ýok bolsa gerek.
Malyny rysgaly saýýan çopana,
Bereketli bolup gelgin, ak gyşym.
Giň çöllerde rysgalyny tapana,
Hereketli bolup gelgin, ak gyşym.
Guý, ak garyň seçele sen, sepele,
Goý, koý-guzy barha gitsin köpele,
Maldara güzabyň az bolsun herne,
Nuruň boldan bolsun, rysgal sepere.
Hawa, gyşyň ajaplygynyň beýany tükenerli däldir, görseň. Ony herne tarypa salsaňam egserden beýik ol. Aklyga güwä saýylmagynyň özi nämä degmeýär, diýsene?!
Arça baýramynyň gözelligini,
Durşuna dessan hem gazaldygyny,
Aýdanam bolsalar kän-kän tekrarlap,
Üznüksiz taryplap gezendigimi,
Boýun alýan, çünki halaýan gyşy,
Onuň gary joşa getirýär başy,
Gary melhem, howasy em janyma,
Hawa, ak gyş tämiz göwnümiň hoşy.
Şeýle pikirleri serime guýup, şygyrdan dessan bagladýan ajap gyşym, bereketli ülkämize hoş geldiň! Düşümli we döwletli ädimiň her bir türkmeniň ykbalyna özgeriş çaýsyn!
Gadamyň batly, günleriň şöhratly bolsun!
Dursun TEKÄÝEWA.