logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabynda «Seýit Jemaleddin» atly täze metjit açyldy
  30.03.2024
809
Ak bugdaý etrabynda «Seýit Jemaleddin» atly täze metjit açyldy

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň açylyşyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi. 6 gektara barabar umumy meýdany bolan metjitde bir wagtyň özünde 500 adam namaz okap bilýär. 50 metr belentlikli, dört minaraly metjidiň gümmeziniň beýikligi 30 metre deňdir. Uly gümmeziň gyrasyny 24 penjire nyzamlaýar. 500 orunlyk sadaka jaýy hem özbaşyna bir binagärlik görnüşini emele getirýär. Metjidiň we sadaka jaýynyň bezeg nagyşlary Seýit Jemaleddin metjidiniň şekilleri bilen reňkdeşdir. Metjidiň diwarlaryna Oguz hanyň nyşany bolan sekizburçly nagyşlar görk berýär. Bu nagyşlar düşelen halylaryň hem ýüzünde özüni görkezýär. Nagyşlaryň bugdaý şekilliligi Änew topragynyň dünýäde ekerançylyk merkezi bolandygyny aňladýar.


 

Gahryman Arkadagymyz taryhy şahsyýetlerimizi belent sarpalaýar. Şeýle hormat-sylagdan ugur alyp, Milli Liderimiz täze metjidi «Seýit Jemaleddin metjidi» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Muny bolsa hormatly ýaşulular goldadylar we makulladylar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän täze metjidiň açylyşy bagtyýar halkymyzyň ruhy kämilliginiň, däp-dessur ýörelgesiniň aýdyň aňladylmasydyr.


 

Allanyň öýi hasaplanylýan nurly metjitde hajy Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdi. Bu bolsa tutuş halkymyz üçin köňül päkliginiň hem-de halallygyň nur-çyragy boldy.

 

Azat HALMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.