logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ajaýyp kitap – dermanlyk ösümlikleriň ylmy beýany
  18.10.2022
1486
Ajaýyp kitap – dermanlyk ösümlikleriň ylmy beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ýaňy ýakynda, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV tomunyň çapdan çykmagy bagtyýar watandaşlarymyzy uly buýsanja, çäksiz guwanja besledi. Alym Arkadagymyzyň bu gymmatly kitabynda güneşli diýarymyzyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriniň 118-si barada ylmy esasda giňişleýin maglumatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynyň üsti bilen dermanlyk ösümlikleri ylmy esasda öwrenmekligi we olaryň peýdaly melhemlik häsiýetlerini açyp görkezýär. Elbetde, şeýle dermanlyk ösümlikleriň köptaraplaýyn öwrenilmegi beden saglygyny berkitmekde oňyn ýardam edýär. Bu ajaýyp kitap lukmançylyk ylmynda zähmet çekýän hünärmenler, bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup durýar. Şeýle-de bu gymmatly kitap bereketli türkmen topragymyzyň ajaýyp tebigatyna buýsanmaga, ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi bilen has hem içgin tanyşmaklyga, şunuň bilen bir hatarda her bir ynsany sagdyn durmuşda sagdyn ruh bilen ýaşamaklyga çagyrýar. Türkmenistan diýarymyzyň jana şypaly dermanlyk ösümliklerini aýdyň beýan edýän bu gymmatly kitap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyz hakyndaky edilýän bimöçber aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar Watanymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň abadan hem erkana ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Döwletmyrat ANYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.