logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
  13.12.2023
998
Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça geçirilen 18-nji mejlisinde ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt kabul edildi. Şeýle-de Türkmenistan BMG- niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy.

 

 

Bu çärä 181 döwletiň wekilleri, hökümete dahylsyz guramalaryň we medeni guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

 

 

Halkymyzyň nesilden nesile geçip gelýän milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmagy, bu günki günde dünýä halklarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda bu hoş habaryň gelip gowuşmagy, her bir ildeşimizi begendirdi.

 

 

Bu şatlykly waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen Gutlagynda «Türkmen halkynyň ahalteke atçylygy bilen bagly milli däp-dessurlary, bedewleriň bezegini alamatlandyrýan çylşyrymly çeperçilik önümleri halkymyza mahsus, nesilden-nesle geçip gelýän milli aýratynlyklarymyzyň biri bolup durýar» diýip bellenişi ýaly bu gymmatlyklar türkmen halkynyň milli mirasy bolup her bir kalplara ornaşdy.  

 

Gözel Agaýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň II  ýyl talyby.