logo

Latest news:
✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦
Home / Society /Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň täze “Bagtly zamana” obasynda çagalar bakja-bagy açyldy
  21.09.2025
1236
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň täze “Bagtly zamana” obasynda çagalar bakja-bagy açyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň yzygiderli şaýady bolýarys.

 

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky “Bagtly zamana” obasynda täze döwrebap çagalar bakja-bagy işe girizildi. Bu wakanyň Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bolmagy aýratyn many-mazmun berýär.

 

Täze açylan 15-nji çagalar bakja-bagy 16 topardan ybarat bolup, 320 çaga üçin niýetlenen. Bu çagalar bakja-bagyny “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň ezber hünärmenleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler. Bu çagalar bakja-bagynda körpeleriň döwrebap derejede terbiýelenmegi, ilkinji bilim sowadyny öwrenmegi üçin zerur şertlerdir mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä bilim-terbiýe almagy üçin okuw otaglarynyň, kompýuter, lingafon, aýdym-saz, bedenterbiýe otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berlipdir. Bu ýerde bilim işgärlerine körpelere daşary ýurt dillerini öwretmek, kompýuter tehnologiýasy boýunça ilkinji başarnyklary kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döredijilikli zähmet çekmek babatynda ähli amatlyklar bar.

 

Mähriban Watanymyzy ösüşli menziller bilen täze belentliklere tarap öňe barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwrebaplaşdyrmak syýasaty hem-de watansöýüji, sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli nesli terbiýelemek boýunça amala aşyrylýan beýik maksatly işleri hemişe üstünliklere beslensin!