logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Society /Ahal welaýatynyň çäginde täze okuw ýyly mynasybetli 62 sany mekdep bazary guraldy
  05.08.2023
683
Ahal welaýatynyň çäginde täze okuw ýyly mynasybetli 62 sany mekdep bazary guraldy

Ahal welaýatynyň çäginde täze 2023 – 2024-nji okuw ýyly mynasybetli jemi 62 sany mekdep bazary guraldy.

 

Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan welaýatyň çägindäki ak bazarlaryň 6-synyň, dükanlaryň 56-synyň ýanynda guralan mekdep bazarlary alyjylara giň gerimli hyzmatlaryny hödürleýär. Olarda hödürlenýän mekdep harytlarydyr okuw esbaplary köpgörnüşliligi we hiliniň ýokarydygy bilen ünsi çekýär. Alyjylara hödürlenýän harytlaryň aglaba görnüşi ýurdumyzda döwletiň garamagyndaky, şeýle-de hususy pudaga degişli kärhanalar tarapyndan öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümlerdir. Olaryň arasynda ýokary hilli okuw esbaplaryndan başga-da, okuwçy we sport egin-eşikleri, torbalar, aýakgaplar, beýleki harytlar bar.

 

Ahal welaýaty bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde-de hormatly Prezidentimiziň 28-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda mekdep harytlarynyň bazarlaryny alyjylar üçin amatly ýerlerde guramak we olarda mekdep harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek babatdaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, 1-nji awgustdan başlap täze 2023 – 2024-nji okuw ýyly mynasybetli mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy.