logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ahal welaýatynda zenanlara baýramçylyk sowgatlary dabara bilen gowşuryldy
  07.03.2024
533
Ahal welaýatynda zenanlara baýramçylyk sowgatlary dabara bilen gowşuryldy

Ýurduň ähli künjeklerinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary gowşurmak dabaralary geçirilýär. Şeýle dabaralar toplumy Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Änew şäherinde hem geçirildi. Bu barada "Ahal durmuşy" habar berýär.

 

 

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde talyp gelin-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň  pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Welaýat häkimligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan dabara welaýat ýörite sungat mekdebiniň,welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy.

 

 

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda geçen dabara okuwçy gyzlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Ak bugdaý etrabynyň orta mekdeplerinde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara etrapdaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri gatnaşdy.