logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Ahal welaýaty boýunça hasapda duran okyjylaryň umumy sany 100 müň geçdi
  16.05.2023
859
Ahal welaýaty boýunça hasapda duran okyjylaryň umumy sany 100 müň geçdi

Ahal welaýatynyň kitaphanalarynyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany artýar. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda welaýatyň kitaphanalaryna täze ýazylan raýatlaryň sany müňe golaýlap, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 100 müň 200-den geçdi.

Agzalan döwürde okyjylar tarapyndan dürli mazmunly kitaplaryň 35 müňden gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 5 müňden, çeper eserleriň 11 müňden, çagalar edebiýatlarynyň 10 müňden, beýleki neşirleriň 7 müň 500-den gowragy okamak üçin alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany hem artdy. Geçen dört aýda welaýatyň kitaphanalarynyň, şol sanda etraplaryň merkezi kitaphanalarynyň işgärleri tarapyndan elektron kataloga salnan kitaplaryň sany 1 müň 300-den geçdi. Şol döwürde welaýatyň kitaphanalaryna «Galkynyş» kitap merkezinden neşirleriň müňlerçesiniň tapgyrlaýyn gelip gowuşmagy bilen, olaryň kitap gaznalary has-da baýlaşdy.