logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Agzybirligiň we ynsanperwerligiň baýramy
  22.07.2021
1036
Agzybirligiň we ynsanperwerligiň baýramy

Türkmen halkynyň mübärek seneleriniň biri hem Mukaddes Gurban baýramydyr. Gözbaşyny Ybraýym pygamberiň döwründen alyp gaýdýan bu baýram musulman dünýäsine mahsusdyr. Diňe bir öz halkymyza däl, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetine häsiýetli bolan agzybirlik, parahatlyk, ynsanperwerlik ýaly iň oňat häsiýetleriň ösdürilýän ilimizde Gurban baýramyny maşgala bolup bellemek hem baý many-mazmunly däplere eýerilýär. Rowaýata görä, Ybraýym pygamber öz eziz görýän perzendi, maşgala agzalarynyň naýbaşysy bolan ogly Ysmaýyly Beýik Biribaryň ýoluna gurban etmek isläp, uly synagdan geçýär. Allatagala öz bendesiniň sylagyna sarpa hökmünde asmandan gara goç indermek bilen oglanyň ömrüni uzaldýar. Şol günden soň her ýylyň Gurban aýy gelende gurbanlyk etmek musulman halklaryna mahsus ýörelgeleriň birine öwrülýär. Beýik Biribaryň eradasy bilen kemal tapan bu däp şol sebäpli-de Ýaradanyň ynsan kowmuna bagyşlan dessury saýylýar. Gurbanlygyň gadymy şertine görä, her bir maşgalada janly kesilip, uludan-kiçä ähliniň — ylaýta-da perzentleriniň ekleýjisi we saklaýjysy bolan erkek kişileriň baş saglygyna sadaka berlipdir. Görner-görünmez bela-beterlerden, howp-hatarlardan Allanyň aman saklamagy dileg edilipdir.

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, ýokary ahlak gymmatlyklary özünde jemleýän  Mukaddes Gurban baýramçylygy bu günki gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýär.

Mukaddes Gurban baýramynda beren sadakalaryňyz aýat töwirleriňiz hem-de doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Gurban baýarmyňyz gutly mübärek bolsun!!!