logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Saglyk /Agyz beklemegiň saglyga peýdasy
  14.03.2024
951
Agyz beklemegiň saglyga peýdasy

Oraza tutmagyň ynsanyň beden we ruhy saglygyna edýän oňyn täsirlerini häzirki zaman lukmançylyk ylmy hem tassyklaýar. Iýmit siňdiriş ulgamynyň, bagryň 8-16 sagatlap dynç almagynyň peýdasy uludyr. Munuň özi 11 aýyň dowamynda bedende ýygnanan zyýanly ýaglaryň eremegini üpjün etmek bilen, ynsany semizlikden, ganda süýjiniň derejesiniň artmagy, damarlaryň gatamagy, ýüregagyry, gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly näsazlyklardan goraýar.

 

Oraza tutmak diňe bir dürli tagamlary iýmekden saklanmak däl, bu mübärek aý adamlaryň kanagatly bolmagyna, nebsine garşy durmak ukybynyň artmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Göwnüne degen adamyňdan ötünç soramaga özünde güýç tapan, tersleşenleri ýaraşdyran adamlar şu aýda sogapdan iň köp paýly boljaklardyr.

 

Mukaddes Gadyr gijesi Remezan aýynyň iň şuglazar pursatydyr. Şol gije ýakynlaryňa, bir-birege eden arzuw-dileglerimiz, beren sadakalarymyz bize bagtyýarlyk, hoşwagtlyk eçilýär.

 

Goý, mukaddes Oraza aýynda etjek doga-dilegleriňiz, arzuw-islegleriňiz Hak dergähinde kabul bolsun, eziz watandaşlar!

 

Zilola JUMANIÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.