logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /«Adam sosial gurşawda maglumat alyp bolýan iň aňsat guraldyr»
  30.11.2023
872
«Adam sosial gurşawda maglumat alyp bolýan iň aňsat guraldyr»

Ýaňy ýakynda "Bilim nokady" okuw merkezinde kibermedeniýet boýunça "adam faktory" we "sosial inženerlik" temalarynda açyk sapak geçirildi.

 


Kibermedeniýet seminarlar toplumy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi tarapyndan yzygiderli ýagdaýda geçirilýär. 

 


Seminarda kiberhowpsuzlyk we sanly tehnologiýalar boýunça hukukly bilermen Yklym Myradow çykyş etdi.

 


Diňleýjilerde uly gyzyklanma döreden bu gezekki seminaryň esasy maksady sosial ulgamlarda adamyň tutýan orny, kompýuter tehnologiýalaryndan dogry peýdalanmak, olaryň peýdaly we zyýanly taraplaryny öwretmek hem-de ýaşlaryň kiber ulgamlara garaşlylygynyň öňüni almagy wagyz etmek boldy.

 


Seminarda:
-"Adam sosial gurşawda maglumat alyp bolýan iň aňsat guraldyr." diýilip bellenişi ýaly häzirki döwürde adamyň sosial ulgamlardaky orny barada giňişleýin gürrüň edildi.