logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /ADAM BEDENI HAKYNDA BILMEK GYZYKLY
  11.11.2022
4197
ADAM BEDENI HAKYNDA BILMEK GYZYKLY

- Bir adam ömrüniň dowamynda 30 tonnadan gowrak azyk önümlerini iýýär.

- Adamyň beýnisiniň ortaça agramy 1585 grama deňdir.

- Adamyň burny yslardan başga-da, gyzgynlygy, ajyny, süýjüni duýmaga hem ukyply bolup, takmynan 1 trillion ysy saýgaryp bilýär.

- Adamyň ýüregi ömrüniň dowamynda ortaça 3 milliard gezek urýar.

- Adamyň näme üçin pallaýandygy häzirki wagta çenli anyk belli däl, emma pallamak bedeniň gyzgynlygyny kadalaşdyrmaga kömek edýändigi çaklanylýar.

- Bir ýylda adamyň saçy 15 sm ösýär.

- Adamyň ýüregi bir sagatda 4200 gezek urýar we 300 litr gany üstünden geçirýär.

- Adam takmynan bir günüň dowamynda 20 müň gezek dem alýar.

- Adamyň günde 0,1 millimetr, aýda 3-4 millimetr dyrnaklary ösýär. Emma, bu ýagdaý pasla görä hem üýtgäp bilýär.

- Zenanlaryň ýüregi ortaça 250-300 gram, erkekleriň ýüregi bolsa, 300-350 gram agyrlykda bolýar.

- Adamyň agramynyň 8 göterimini gany düzýär.

- Adamyň barmaklarynyň şykyrdysy bogunlarda emele gelýän köpürjiklerden ýüze çykýar.

- Adamyň beýnisi kämahal ukuda wagty oýa wagtyna garanyňdakydan has işjeň bolýar.

- Adam bedeni 10 trillion öýjükden emele gelendir. 

 

Jahan REJEPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.