logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Health /Abu Aly ibn Sinanyň sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky ündewleri
  09.04.2024
981
Abu Aly ibn Sinanyň sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky ündewleri

Abu Aly Al-Hüseýin ibn Abdallah ibn Al-Hasan ibn Aly ibn Sina 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçen dünýä belli alymdyr. «Sina» sözi «dür deşiji» diýmegi aňladýar. Gündogar ýurtlarynda «Lukman Hekim» ady bilen tanalýar. Günbatarda onuň adynyň ahyrky «ibn Sina» bölegi ýoýlup, «Awensina» — «Awisenna» öwrülipdir.

 

Dünýä meşhur Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitaby dünýäniň lukmançylyk ylmy merkezlerinde, mekdeplerinde birnäçe ýyllap esasy gollanma hökmünde peýdalanylypdyr. Onuň sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky aşakdaky ündewlerini size ýetirýäris:

 

- hoşgylyklary endige öwrüň; 

- betgylyk endikden daşda duruň;

- kalbyň we bedeniň saglygyny goraň; 

- tomusda aram ýyly suwa, gyşyna bolsa gyzgynrak suwa düşüniň; 

- maksada okgunly boluň; 

- mazaly ukyňyzy alyň; 

- köp ýatmaň (kadaly uky çagalar üçin 8 sagat); 

- uzak aç gezmäň; 

- çakdanaşa köp iýmäň; 

- howlugyp iýip-içmäň; 

- bedeniň gyzyp duran wagty suw içmäň; 

- işjeň hereketde boluň; 

- dişiňizi we gözüňizi goraň; 

- göwnüçökgün bolmaň; 

- köpçülik bilen okaň; 

- wagtyňy hoş geçirmäge çalyş.

 

Gülbahar ALTYÝEWA,

 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.