logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 80 ýaşady
  21.11.2022
1345
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 80 ýaşady

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden düýn ýagny 20-nji noýabrda 80 ýaşady. 80 ýaş doglan güni mynasybetli Baýden hiç hili köpçülikleýin çäräni we dabarany geçirmedi. Bu ýagdaý dünýä metbugatyny haýran galdyrdy.

Ak Tamyň metbugat sekretarynyň beren beýanatyna görä, Baýden doglan gününi diňe maşgalasy bilen ertirlik we agşamlyk naharyny edinmek bilen belledi.

Beýleki bir tarapdan, häzirki wagtda Baýdeniň 2024-nji ýyldaky ABŞ-nyň Prezident saýlawlaryna gatnaşyp-gatnaşmajagy näbelli bolup galýar.

Belläp geçsek, Jo Baýden Amerikanyň taryhynda 80 ýaşyny dolduran ilkinji prezidentdir.