logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Dünýäde /ABŞ - Aýda demir ýol gurmagy meýilleşdirýär
  24.03.2024
688
ABŞ - Aýda demir ýol gurmagy meýilleşdirýär

Aýda hemişelik adam koloniýasyna taýýarlyk görmek üçin "Darpa"  şereketi, "Northrop Grumman" kompaniýasy bilen Aýda demir ýol gurmak düşünjesini ösdürmek üçin şertnama baglaşdy.

 

 

Goranmak we awiasiýa ägirdi bolan "Northroth Grumman" kompaniýasy, Aýda demir ýol ulgamyny gurmak üçin "DARPA" (Defence Advanced Research Projects Agency) bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi. 

 

 

Taslama Aýyň ýüzünde logistika we ýük daşamagy ýeňilleşdirmek üçin durmuşa geçiriler. Demir ýol ulgamy, Aýyň üstünde adam kolonizasiýasy üçin zerur materiallary we enjamlary daşamak üçin ulanylar. 

 

 

Aýda demir ýol gurmak birneme manysyz bolup biler. Şeýle-de bolsa, munuň aňyrsynda gaty berk logika bar. Ulag infrastrukturasy durmuş üçin zerurdyr. Ilkinji kosmonawtlar 1969-njy ýylda Aýyň ýüzüne düşensoň, adamyň hemişelik ýaşamagyny dowam etdirmek üçin infrastrukturanyň zerurdygyna düşünildi. 

 

 

Köp adamlar Aýy kiçijik hasaplaýandyklaryna garamazdan, Aý aslynda Afrikanyňky bilen deň meýdany bolan gaty uly ýer. Şeýle giň meýdanda, hatda çäkli bolmagy hem dürli gözegçilik nokatlaryny we çäreleri birleşdirjek transport ulgamyny talap edýär.

 

Kemal GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.