logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Science and Education /Abdylla Annamyradow - robototehnika boýunça ýaş tälimçi
  04.10.2023
1142
Abdylla Annamyradow - robototehnika boýunça ýaş tälimçi

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde geçen robototehnika festiwalynda ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen okuwçylar öz ezberliklerini görkezdiler.

Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary hem bu şüweleňde geçýän ýaryşlara taýýarlykly geldiler. Toparyň ýolbaşçysy bolsa özleri ýaly okuwçy deň-duşy Abdylla Annamyradow bu mekdepde 11-nji synpda okaýar.

Abdylla robotehnika bilen 3 ýyldan bäri gyzyklanýar. Öňki ýyllarda Abdyllanyň özi şu ýaryşlara gatnaşypdy. Jemi 7 ýaryşda öz robototehniki ukyp-başarnygyny görkezdi. Şu ýylyň aprel aýynda öz mekdebiniň Robotika gurnagyna tehniki tälimçilik etmäge çagyryldy.  Häzirki wagtda çenli ýaş tälimçiniň şägirtleri dürli robot festiwallarynda sumo, awto-sumo, race, line follower, labirint, mars rover, gämi ýaryşy, dürli taslamalar, uçar ýaly ýaryşlara gatnaşdy.

 

Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Said Annaýew (Robot Sumo kategoriýasy boýunça), 6-njy synp okuwçylary Öwezmuhammet Annanyýazow we Abdyrahym Muhammedow (Robot Race kategoriýasynda), 7-nji synp okuwçylary Ahmet Muhammedow (Robot Race kategoriýasynda), Ýusup Işangulyýew (Line Follower kategoriýasynda), Murat Annaýew (Robot Auto-Sumo kategoriýasynda), 8-nji synp okuwçylary Nurahmet Annageldiýew, Abdylhalyk Hudaýnazarow (Robot Race kategoriýasynda) gatnaşdylar. Abdylla Annamyradow bu toparyň ýaryşlara taýýarlyk işlerinde ýolbeletlik etdi.

Öňki ýaryşlarda Said Annaýew uçar ýaryşynda 2-nji ýer alypdy.

Abdyllanyň synpdaşy Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Seýdylla Myradow bu topardan aýratyn taýýarlandy we ýaryşlaryň Robot Mars Rover kategoriýasynda 3-nji orna mynasyp boldy.

Abdylla Annamyradow geljekde öz kakasy ýaly inžener-tehnolog bolmagy arzuw edýär.

Merdan Ataýew