logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
  21.06.2023
896
Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň guramalary gatnaşýarlar. Şu günler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň guramalary tarapyndan hödürlemäge bagyşlanan ýygnaklar giň gerimde dowam edýär.

Ýygnaklarda çykyş edýänler her bir dalaşgärlige hödürlenilýäniň terjimehaly, ilat arasyndaky abraýy, olaryň işjeňlik we guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Şunlukda, dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän ýygnaklaryň dowamynda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Olaryň içinden ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan Geňeşiň agzalygyna has mynasyplar dalaşgärlige hödürlenilýär. Munuň özi Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgelerimiz esasynda, giň bäsdeşlik şertlerinde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçiriljekdigini aňladýar. Hödürlenilýän dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň bardygy bellärliklidir.

Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işleri 2023-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli dowam eder. Şeýle-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri Aba Annaýew şäherçe saýlaw toparynda bellige almak işleri hem dowam edýär. Dalaşgärleri bellige almak 2023-nji ýylyň 28-nji iýunyna çenli dowam eder.

23-nji iýulda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän, täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň binýadyny emele getirýän demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň subutnamasy bolar.

 

TDH.