logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /4-nji fewral - Halkara doganlyk güni
  04.02.2023
1418
4-nji fewral - Halkara doganlyk güni

BMG-niň Baş Assambleýasy 2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda täze ýatdan çykmajak senäniň - Halkara doganlyk gününiň döredilmegi barada karar kabul etdi. Bu başlangyç BAE, Saud Arabystana, Bahreýne we Müsüre degişlidir. Teklip - BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanyldy we 4-nji fewral her ýyl bellenilýän sene hökmünde saýlandy.

Karara BMG-niň 34 döwleti gol çekdi. Bu sene 2019-njy ýylda Rim Katolik Buthanasynyň Rim papasy Fransis II bilen Abu-Dabiniň iň abraýly Yslam uniwersiteti Al-Azharyň ýokary ymamy Şeýh Ahmad at-Taýýibiň dünýäde parahatçylygy we agzybirligi ykrar etmek üçin geçiren duşuşygynda gol çekilen güne gabat gelýär.

Abu-Dabide geçirilen bu ýygnak dünýä dinleriniň arasynda dialogy ösdürmäge, dinleriň arasyndaky gapma-garşylyklary ýeňip geçmäge, şeýle düşünişmezlige sebäp bolýan dawa-jenjeliň öňüni almak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Diňe halkara derejesinde gazanylan doganlyk ýörelgeleri adamzadyň global sosial, ykdysady, syýasy we medeni meseleleri ýeňip geçmegine kömek edip biler. BMG-niň Baş Assambleýasy parahatçylygyň diňe bir urşuň bolmazlygy däl, eýsem özara gatnaşyk gurmak, gepleşik, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek bilen gapma-garşylyklary ýeňip geçmek arkaly ösüş bolandygyny nygtaýar. 

 

Aýgül HALLYÝEWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.