logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /28-29-30-njy iýunda Türkmenistanda Gurban baýramy belleniler!
  27.05.2023
1492
28-29-30-njy iýunda Türkmenistanda Gurban baýramy belleniler!

26-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly medeni çäreleri we bäsleşikleri; 2-nji iýunda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna gidýän çagalary ugratmak dabarasyny; 3-nji iýunda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini; 5-nji iýunda welaýatlarda, Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny; 12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli dürli çäreleri we maslahatlary; 13 — 16-njy iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyny; 22 — 27-nji iýunda Aşgabat şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny; 28-29-30-njy iýunda Gurban baýramy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.