logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /2657 adam Türkmenistanyň pasportyny aldy
  26.09.2021
617
2657 adam Türkmenistanyň pasportyny aldy

Ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli syýasy çärleriň giň germe eýe bolandygy bilen bir hatarda, Türkmenistan raýatsyzlygy ýok etmek ugurunda halkara ylalaşyklara özüniň ýakynda goldawyny berýär. Häzirki wagtda, dünýäň ýüzünde raýatsyzlygy aradan aýyrmak ilkinji nobatda durýan möhüm meselleriň biridir. Türkmenistan bu ugurda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda ýurdumyzda raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek we bu ýagdaýyň öňüni almaga degişli kepillikleri üpjün etmek üçin 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şu meýilnamanyň çäklerinde, 2020-nji ýylda 2580 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu görkeziji 2016-njy ýylda-1381, 2017-nji ýylda-1690, 2018-nji ýylda-735, 2019-njy ýylda-863 adama deňdir.

Şu ýyl bolsa şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny bellenýän günleride, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda arza bilen ýüz tutan raýatlygy bolmadyk 2657 adama Türkmenistanyň pasporty gowşuryldy. Olaryň 1463-si aýallar we 1194 sanysy bolsa erkeklerden ybaratdyr. Bu raýatlaryň içinde 1775 sanysy özbek, 746 sanysy türkmen we galanlary gazak, azerbaýjan, rus, tatar, garagalpak, ukrain, koreý, lak, lezgin, täjik, ermeni we beýleki milletleriň wekillerini öz içine alýar.

Şeýle-de, daşary ýurt raýatlarynyň 406-syna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Olaryň arasynda 152 sanysy türkmen, 135 sanysy özberk milletlerinden bolup, galan bölegi gazak, azerbaýjan, rus, tatar, garagalpak, ukrain, başgyrt, belarus, ermeni milletlerinden ybaratdyr.