logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«2025 – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan medeni forum geçirildi
  05.04.2025
1284
«2025 – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan medeni forum geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçihanasy Ýaponiýanyň Dostlukly alyş-çalyş geňeşi bilen bilelikde «2025 – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan medeni forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

 

Forumda çykyş eden Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli alyp barýandygyny belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly goşant goşýandygyny nygtady. Ilçi BMG we beýleki halkara guramalar tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň, şol sanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

 

Şeýle-de, ilçi Ýaponiýanyň Hökümetine Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan goşandy hem-de yzygiderli goldawy üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi.

 

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý medeniýetine, däp-dessurlaryna hem-de halk döredijiligine degişli maglumatlar bilen tanyşdylar.

 

Arslan GULBAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.