logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly
  05.01.2024
2346
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda agzybir türkmen halky täze ýyly uly şatlyk-şowhun, ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen garşy aldy. Ýylymyzy turuwbaşdan dabaralandyran wakalaryň biri-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip, mynasyp atlandyrylmagy boldy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk doglan gününiň uludan bellenjek ýylynda ýylymyzyň adynyň akyldar şahyryň ady bilen baglanyşdyrylmagy ähli türkmenistanlylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.

 

 

Milletimiziň buýsanjy bolan Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik älemi Jemşidiň jamyna deňelýär. Onuň umman ýaly giň döredijiligi halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, bütin adamzadyň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Çünki beýik akyldaryň döredijiligi bütin ynsanyýeti agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýar. Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň öz beýik oglunyň edebi mirasyna goýýan uly hormatynyň, sarpasynyň nyşanydyr.  

 

 

Nusgawy şahyrlarymyzyň sarpasyny belent tutup, olara hormat goýýan, biz ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!    

 

 

Nurbike HEMEDEKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.