logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / In the world /2023-nji «ýylyň reňki» mälim edildi
  02.12.2022
1172
2023-nji «ýylyň reňki» mälim edildi

Senagat standartlaryny kesgitleýän «Pantone», 2023-nji ýylyň reňkini yglan etdi. Geljek ýylyň reňki diýseň janly we köp duýgulary özünde jemleýän «Viva Magenta» boldy.

Reňkleriň umumy dili hökmünde kabul edilen «Pantone», her ýyl üçin aýratyn reňk saýlaýar. Geljek 2023-nji ýyl üçin bolsa «açyk goýy gyrmyzy reňk» diýlip häsiýetlendirilýän «Viva Magenta» kabul edildi.

Bu reňk batyrgaýlygy we gorkusyz duýgyny alamatlandyrýar. Şeýle-de bu reňk optimizm we şatlyk döredýär.

«Ýylyň reňki» yglan edilende, dünýädäki tendensiýa, her pudakdaky esasy standart hökmünde kabul edilen reňkler göz öňünde tutulýar. «Pantone» tarapyndan yglan edilen 2023-nji ýylyň reňkini esasanam «Photoshop» ýaly meşhur programmalarda aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Emma häzirki wagtda bu reňkler 2023-nji ýyla çenli tölegli bolmagyna galýar. Eger-de siz bu reňki täjirçilik taýdan ulanmak isleseňiz, onda belli bir töleg tölemeli bolarsyňyz.   

 

Ahmet BURKAZOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
Ykdysadyýet we dolandyryş 
fakultetiniň talyby.