logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Sport /13 ýaşly türkmen gyzy Moskwa şäherinde geçirilen küşt ýaryşynda kümüş medal gazandy
  03.09.2023
916
13 ýaşly türkmen gyzy Moskwa şäherinde geçirilen küşt ýaryşynda kümüş medal gazandy

Moskwada küşt boýunça geçirilen abraýly ýaryşda 13 ýaşly türkmen gyzy Mähri Agamyradowa ikinji orny eýeledi. M.M.Botwinnigiň ýadygärligine bagyşlanan açyk halkara ýaryş Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýadan we Özbegistandan wekilleri jemledi.

 


8-nji tapgyrda Mähri Agamyradowanyň (FIDE reýtingi – 1583) hem-de dünýä we Ýewropa çempionatlarynyň baýraklarynyň birnäçesini eýelän russiýaly Anna Şuhmanyň arasyndaky duşuşyk altyn medalyň eýesini mälim etdi. Iki aý mundan öň Batumide (Gruziýa) geçirilen dünýä çempionatynyň blis ýaryşynda Annany ýeňen ildeşimiz nusgawy usuldan geçen nobatdaky dartgynly duşuşykda rus küştçüsinden asgyn geldi. Şeýlelikde, 8 utukdan 5,5 utuk toplan türkmen gyzy ikinji orna mynasyp boldy.