Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Onlaýn söwda dünýäni nähili derejede üýtgedýär? ✦ ✦ Telekommunikasiýa tehnologiýalary halkara söwdanyň görünmeýän hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ✦ ✦ Talyplar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde okuw tanyşlyk tejribeliginde ✦ ✦ Türkmenistan B5+1 formatyndaky halkara işewürlik forumyna gatnaşýar ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çap edildi ✦ ✦ YHG-niň Ýokary derejeli wekilleriniň 52-nji mejlisi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazandylar ✦ ✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /121 ýyl bäri ýanýan lampa!
  06.01.2023
1665
121 ýyl bäri ýanýan lampa!

Adatça, satyn alnan lampanyň ömri 3-4 ýyl bolýar. Şondan soňra lampa partlaýar ýa-da sönüp galýar. Ilkinji bolup sönmeýän lampalaryň önümçiligini ýola goýan «Shelby Electric» kompaniýasy hem 1895-nji ýylda ýapyldy. Gynansagam, lampany oýlap tapan adam hem aradan çykdy. Şol sebäpli sönmeýän lampanyň syry hem çözülip bilinmän galdy.

Tomas Edison 1880-nji ýylda ilkinji bolup lampany oýlap tapdy. Bu ugurda takmynan, 15 ýyldan gowrak wagt bäri tehnologiki ösüş gazanylmady. Emma şeýle-de bolsa şol döwürde hiç wagt sönmeýän bir lampa öndürildi. 121 ýyl bäri ýanyp gelýän bu lampa, Ginnesiň rekordlar kitabyna «Ripley’a Believe It or Not» ady bilen girmegi başardy.

Sönmeýän lampa ilkinji gezek ýakylanda 30-60 wattlyk ýagtylyk beripdir. Häzirki wagtda bolsa bu lampa bary-ýogy 4 wattlyk ýagtylyk berýär. Başgaça aýdylanda, bu gijeki çyranyň çykýan ýagtylygyna deňdir. «Shelby Electric» kompaniýasy tarapyndan öndürilen lampa 1901-nji ýylda ýangyn söndürmek gullugyna sowgat edilipdir. Sönmeýän lampa 1937-nji ýylda abatlaýyş işleriniň geçirilýänligi sebäpli öçürilipdir.

2013-nji ýylyň 20-nji maýynda lampa köpçülikleýin ýaýlymda söndi. Muňa hemme adam haýran galdy. Ertesi gün bir elektrikçi lampany üznüksiz elektrik togy bilen üpjün etdi. Lampa ýene-de ýanmaga başlady. Netijede lampanyň hiç wagt sönmejekdigi hasaba alyndy. 

 

Osman GAPUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.