logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /1-nji iýun - Çagalary goramagyň halkara güni
  01.06.2023
1190
1-nji iýun - Çagalary goramagyň halkara güni

Bilşimiz ýaly, her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly ýurdumyzda hem giňden bellenilýär. Bu sene çagalaryň bagtyýar geljegi üçin has möhüm ähmiýete eýedir.

Indi 70 ýyldan gowrak wagt bäri tutuş Ýer ýüzünde Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Çagalar hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlän Türkmenistanda hem bu baýramçylyk milli senenamada mynasyp orun aldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen döwletli çagalygy adam ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär. Çagalary jemgyýetde doly bahaly durmuşa taýýarlamagy ileri tutmak, olarda jemgyýetçilik ähmiýetli we döredijilik işjeňligini ösdürmek, belent ahlak häsiýetlerini, watançylygy we raýatlygy terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alýar. Çünki, çagalar geljegimizi ýagtyldýan, nurlandyrýan güneş. Çaga diňe bir öz ene-atasynyň däl, eýsem, il-ýurduň, jemgyýetiň hem esasy baýlygydyr, çalşyp bolmajak gymmatlygydyr.

Ýurdumyzda çagalar üçin dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirki zaman kompýuterleri, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary, sport mekdepleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Wagtlaryny hoş geçirmekleri, dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin Diýarymyzyň gözel ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ýaş nesliň hyzmatynda. Munuň özi olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky aladadan nyşandyr.

Ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillerimiz hakynda edilýän taýsyz tagallalar üçin halkymyz hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýar. Ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege tarap öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Gülşat HALMADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.