logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Ýüz ýaşly akwarium balygy
  05.10.2023
948
Ýüz ýaşly akwarium balygy

Amerikanyň Birleşen ştatlarynda takmynan 100 ýaşly akwarium balygy hasaba alyndy. Bu barada Oddity Central agentliginiň aýtmagyna görä, Mafusail atly balyk 1938-nji ýylda Awistraliýa döwletinden ABŞ-a getirilýär. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä bu balyk häzirki wagtda dünýäde iň garry akwarium balygy diýip çaklanylýar.

 

 

Geçirilen barlaglaryň netijesine görä bu täsin balyk 92 ýaşdan 100 ýaş aralygyndalygy anyklanyldy. Mafusail gury ýerde-de, suwda-da ýaşap bilýän jandardyr, ol iki ýagdaýda hem dem almaga ukyply. Mafusaila seredýän işgärleriň aýtmagyna görä ol özüni häzir hem rahat duýýar.

 

 

Hünärmenleriň geçiren barlagyna görä adatça uzak ýaşan balyklar, garrylyk alamytyny görkezýänligini aýtdylar, ýöne Mafusail-da olar ýaly garrylyk alamytynyň ýoklygyny belleýärler.

 

Dursunaý AŞYRALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylyk fakultetiniň 

I ýyl talyby.