Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Telekeçilik we şahsy ösüş barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym-bilim özgertmeleri ösüşlere beslenýär
  21.12.2022
658
Ylym-bilim özgertmeleri ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Dünýä ýurtlarynyň ylmyň dürli ugurlary, innowasion-tehnologik babatdaky ösen tejribeleri giňden öwrenilýär. Bilim edaralarynda, okuw mekdeplerinde ösen talaplara laýyk gelýän okuw maksatnamalary işlenilip düzülmek bilen, bilim bermegiň hili gowulandyrylýar, täze tehnologiýalar we kämil tehniki enjamlary doly ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi okuw işinde zerur bolan ýeňillikleri döredip, bilim bermekligiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Bilim bermek işinde ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaş nesillere gerekli maglumatlary peýdalanmaga, dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ýardam edýär. Täzeçe pikirlenip bilýän, döwrebap taslamalar babatda täsirli garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler ýurt ösüşini gazanmakda we ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmekde möhüm wezipäni ýerine ýetirýärler. Şundan ugur alnyp, ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy-medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, olarda ata Watanymyza, zähmetsöýerlige, ylym öwrenmeklige höwesi artdyrmak boýunça zerur şertler döredilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmaklary, medeni we köpçülikleýin çärelere, döredijilik bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmaklary babatda möhüm çäreler görülýär. Muňa döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp, dünýäniň abraýly halkara guramalary hem-de ençeme abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaklary ýa-da daşary ýurtly ýaşlaryň biziň ýurdumyzda okamaklary üçin şertleriň bolmagy milli bilim ulgamynyň halkara derejesinde ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymdan serpaýly ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän şertlerinden ruhlanyp, iri halkara ýaryşlarda Watanymyzyň abraýyny gorap, ýaşyl Tugumyzy belentde pasyrdadyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şeýle ylym-bilim özgertmeleri bagtyýar ýaşlarda eziz Watanymyza bolan buýsanjy, ylym-bilime bolan höwesi, zähmetsöýerlige hem halallyga bolan söýgüni has-da goşalandyrýar. Halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän uly işleri bilen beýik özgertmelere badalga berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! 

 

Bereket NURYÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň mugallymy.