logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum
  23.04.2025
1622
ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) döredilmeginiň 50 ýyllygyna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy esasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara forum geçirildi. “ÝHHG – Parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen ählumumy howpsuzlyk boýunça borçnamalaryň 50 ýyllygy” atly bu forum Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

 

Forumda döwlet edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik we halkara guramalarynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

 

Çykyş edenler forumyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen gabat gelmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Bu çäre parahatçylykly diplomatiýany, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklary öňe sürmäge gönükdirilen häzirki zaman tagallalaryň çäginde ÝHHG-niň taryhy ösüş ýoluna täzeden ser salmaga mümkinçilik döretdi.

 

Forumda ÝHHG-niň 2025-nji ýyl üçin ileri tutýan esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy, onuň milli institutlarynda we diplomatik ulgamda bu hyzmatdaşlyk baradaky düşünjäniň ýokarlanmagyna ýardam berýändigi bellenildi.

 

Şeýle hem forumda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ÝHHG-niň ýörelgelerine laýyklykda dialogy ösdürmäge, özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmäge uly goşant goşýandygy nygtaldy.