Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /“Ýat ýurduň odundan öz watanyň tussesi ýylydyr”
  26.10.2019
1017
“Ýat ýurduň odundan öz watanyň tussesi ýylydyr”

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty watansöýüjiligiň ýokary hem-de kämil derejesi hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi. Ata-babalarymyzyň beýik taryhy mirasyna, medeniýetine, däp-dessuryna, dünýägaraýyşyna hormat goýmak, ony goramak we geljekgi nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň möhüm, aýrylmaz bölegine öwrüldi. Milli  liderimiz Gurbanguly Berdimuhammedow özüniň her bir çykyşynda, gol çeken karardyr permanlarynda ,ýazan ylmy we çeper eserlerinde  ilkinji nobatda öz dogduk Watany Türkmenistany alada edýär. Onuň bu syýasaty  mugallymlara we terbiýeçilik ulgamynyň her bir işgärine öz borçlaryna gaty jogapkärli çemeleşip, ösüp gelýän ýaş neslimize Watany söýmegi, olara watançylyk terbiýesini bermekde gaty uly jogapkärçilikli çemeleşmeklerine itergi berýär.

    Beýik akyldarlarymyzyň nygtaýşy ýaly „Haçanda bir işe başlajak bolanyňyzda siz oňa örän döredijilikli, ylham joşguny bilen başlamalysyňyz, özüňiziň bary-ýoguňyzy orta goýup, bilýän zadyňyzy öwredip başlasaňyz sizi ylham joşguny gurşap alar. Sizdäki oýlap tapyş, ylham we joşgun öz hünäriňizi kämilleşdirer. Her bir işde täzelik bilen ýapyşyp, döredijilikli zähmet çekip torç edilen ýodany terk edip, netijesiz endiklerden dynarsyňyz we täzeden höwesjeň kişä öwürlersiňiz . Elbet-de, täzeden başlamak, öwrenmek we öwretmek üçin bolsa size batyrgaýlyk we mertlik gerek bolýar.Ýöne, bu ýol siziň durmuşyňyzyň ajaýyp işiňiziň netijeli bolmagy üçin ýeke-täk ýoldуr...“ diýen pähimlerinden ugur alyp, biziň her birimiziň bu meselä gaty çynlakaý jogapkärli we döredijilikli çemeleşmegimiz zerurdyr. Bizde ýaş hesile watançylyk terbiýesini bermek üçin ägirt uly ylmy, edebi we çeper mirasymyz bar. Watanmyzyň taryhy ýaşlara bilim bermekde, terbiýelemekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Ata-babalarymyzyň gahrymançylykly taryhyna ser salsak, olaryň bitiren ajaýyp işlerine şu günki nesilleriň guwanmaga, buýsanmaga , olaradan görelde almaga doly haky bardyr.

         Watan biziň buýsanjymyz, Watan başymyzyň täji. Ata-babalarynyzyň Watana, topraga, il-ulusa nähili sarpa goýandyklaryny ‘’Ilim –günüm bolmasa , aýym-günüm dogmasyn’’, ‘’Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdyndan aýrylan ölünçä’’ diýen ýaly dürdäne jümleleriň üsti bilen bilmek bolýar. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň, Kemine, Mollanepes, Seýdi , Mätäji we Zelili ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň watançylyga ýugrulan çuňňur manyly eserleri turkmeni hemişe mertlige, batyrlyga, watansöýüjilige çagyrýan ruhy güýje öwrülipdir.Olaryň döredijilikleri bilen bir hatarda Ganryman Arkadagymyzyň pederleriniň durmuş ýoluny öwrenmek we öwretmek, olaryň ýol-ýörelgelerini nusga edinmek hem her bir mugallymyň jana-jan borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” romanynda hem pederlerimiziň durmuş ýoly barada giňişleýin gürrüň ediýär. Bu eseriň aýratyn taraplarynyň biride, Hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Kitabyň esasy gymmaty ondaky gahrymanlar, çeper eserlerde bolşy ýaly toslanyp tapylan gahrymanlar däl-de, hakykatda bar bolan şahsyýetlerdir, ýagny öz ak ýürekden çeken zähmeti we söweş edermenligi bilen biziň Watanymyzy şöhratlandyran adamlardyr” diýip, belleýişi bu eseriň çüňňür manysyny ýaşlarymyza düşündirmek, olarda watançylyk düýgusyny ösdürmek biziň baş aladamyz bolup galýar.

      Edep-terbiýe görüm-göreldelerden başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň pederlerinden gaýdýan halallyk, mertlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik bu gün ösüp, kämilligiň çür depesine çykdy diýip aýtmaga hakymyz bar.   

     Hormatly Prezidentimiziň watançylyk göreldesi barada gürrüň edilende, onuň hut özüniň watansöýüjiligiň, edermenligiň, ynsanperwerligiň nusgasy bolup durýandygyny, onuň şahsy göreldesiniň uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň harby gullukçylarymaz babatda edýän aldalaryny görüp,olaryň döwrebap bilim we terbiye almaklary üçin gije-gündiz çekýän aladalary, ýa-da olara ähli amatlyklary bar bolan okuw we ýaşaýyş jaýlaryny açyp berende esgerler bilen geçirýän gürrüňdeşliklerini synlanyňda  ,öz töweregine ogullaryny, agtyklaryny ýygnap, olara mertligi, gaýduwsyzlygy, agzybirligi we watanperwerligi ündäp duran Oguz han atamyz göz öňümize gelýär.

     Biz bu ýerde ýaş neslimiz bolan harby gullukçylara asly halallyk, watanperwerlik, watansöýüjilik, dogruçyllyk, mertlik, wepalylyk ýaly iň gowy häsiýetleri özünde jemleýän Arkadagymyzyň görelde mekdebi barada giňişleýin gürrüň etmeli. Ol mekdep bu gün bütin türkmen halkyna bagtyýarlyk, eşretli gün, rysgal-döwlet eçilýär. Bu watansöýüjilik mekdebiniň gözbaşynda Anna mugallym, Berdimuhamet mugallym, hormatly Mälikguly agamyz, mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar. Olaryň il-ýurt Watan hakyndaky eden aladalary, halkyň öňünde bitiren ägirt uly hyzmatlary biziň ertirki neslimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak watançylyk mekdebiniň ýokary nusgasydyr.