logo

Latest news:
✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦
Home / Science and Education /Ýaş zehinleriň sanly taslamasy
  01.04.2026
1
Ýaş zehinleriň sanly taslamasy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalary uniwersitetinde “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly taslama-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Mekdep, etrap we welaýat tapgyrlaryndan geçip döwlet tapgyryna saýlanyp gelen zehinli okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirilen bu döwlet çäresi, täzeçil pikirleriň we ylmy başlangyçlaryň möhüm meýdançasyna öwrüldi.

​Bäsleşikde dürli ugurlar boýunça hödürlenen taslamalaryň arasynda, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçylary Oraz Penjiýew bilen Gafurmämmedow Bilalyň taýýarlan işi aýratyn ünsi çekdi. Olar bäsleşige “Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki rowaýatlar terbiýe mekdebiniň täze ýörelgesidir” diýen mowzuk bilen gatnaşdylar. Ýaş zehinleriň bu ylmy işine mekdebiň ýokary derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy Gülälek Orazgylyjowa hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň halk döredijiligi bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Güljemal Kummanowa ylmy ýolbaşçylyk etdi.

​Taslamanyň öňde goýan esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde duş gelýän rowaýatlary edebi, ahlak we terbiýeçilik taýdan seljerip, olaryň ýaş nesliň kemala gelmegindäki ähmiýetini giňden açyp görkezmekden ybarat boldy. Işiň esasy täzeçilligi hökmünde bolsa bu rowaýatlaryň ilkinji gezek ulgamlaýyn görnüşde ýygnalmagy we mowzuklar boýunça toparlara bölünmegi görkezilýär. Şonlukda, ýaşlar diňe bir ylmy derňew bilen çäklenmän, eýsem rowaýatlary we şol sanda olaryň suratlandyrmalaryny, audio ýazgylaryny we animasiýaly wideo multimediýalaryny öz içine alýan ýörite mobil goşundy we web-saýt hem işläp taýýarladylar.

​Işiň çäklerinde geljekde durmuşa geçirilip bilinjek birnäçe wajyp teklipler hem öňe sürüldi. Taslamaçylar taýýarlan mobil goşundysyny mekdep mugallymlarynyň sapaklarynda ylmy-usuly gollanma hökmünde ulanmagy hem-de ony her ýyl 1-nji synpa barýan okuwçylara sowgat berilýän “Bilimli” akylly kompýuterleriniň ulgamyna ornaşdyrmagy teklip edýärler. Şeýle hem, hakyky wakalara esaslanýan rowaýatlardan ugur alyp, Watanyň hem-de halkyň bähbidi ugrunda beýik işleri bitiren şahsyýetlerimize, esasan-da Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagyşlanan täze rowaýatlaryň ýazylmagy baradaky başlangyç öňe sürüldi.

​Halkymyzyň köpasyrlyk baý edebi mirasyny döwrebap tehnologiýalar arkaly giňden wagyz edýän bu täzeçil taslama bäsleşigiň eminleri tarapyndan ýokary baha mynasyp görüldi we türkmen dili we edebiýaty ugry boýunça I orna eýe boldy. Bu netije ýaş nesliň milli gymmatlyklara bolan gyzyklanmasynyň we olary sanly ulgama geçirmekdäki ukybynyň aýdyn subutnamasyna öwrüldi.