logo

Latest news:
✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦
Home / Poetry /Watan goragy mukaddesdir
  25.10.2019
973
Watan goragy mukaddesdir

      Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda gün-günden ösüşlere ýetip, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýy has-da belende galýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar we bu ugurda döwlet derejesinde ägirt uly toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

      Шол бир вагтда halkymyzyň parahat, abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmegi maksat edinýän Türkmenistanyň Harby doktrinasy esasynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeleriň çäklerinde giň möçberli işler alnyp barylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň häzirki zaman tehnikalary we enjamlary bilen üpjün edilmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertleriň döredilmegi, dünýä ülüňlerine laýyk gelýän häzirki zaman harby şäherçeleriniň we serhet galalarynyň gurulýandygy, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýşy we durmuşy üçin amatly şertleriň döredilýändigi bu ugurda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini görkezýär. Хорматлы Президентимиз юрдумызыň горагында дуран харбы гуллукчыларыň берк беденли, сагдын рухлы адамлар болмалыдыгыны ныгтамак билен, оларыň дурмушыň äхли меселелеринде баш алып чыкмага укыплы адамлар болмалыдыгыны хем эсасы везипелериň бири хöкмüнде öňе сüрйäр. Бу бабатда Хорматлы Президентимиз харбы учара эрк этмек, харбы ярагдан нышана ок атанда онлугы урмак, бедев ата эрк этмек, спортыň дüрли гöрнüшлери боюнча уссатлык гöркезмек билен, бизиň харбы гуллукчыларымыза нусга гöркезйäр.

     Шонуň ялы-да  Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda döredijilikli ösüşiniň döwlet syýasatynda hukuk ulgamynyň düýpli özgerdilip, milli kanunçylygymyzyň kämilleşdirilmegi, halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, jemgyýetde agzybirlik, jebislik ruhunyň höküm sürüp, asuda we bagtyýar durmuşyň berkarar edilmegi ugrunda alnyp barylýan uzak geljegi nazarlaýan beýik işler aýratyn ähmiýetli ugurlardyr. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, adamlaryň we raýatlaryň hukuk goraglylygynyň kanuna esaslanýan netijeli usullar we serişdeler bilen yzygiderli berkidilmegi çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyzyň durmuş-ynsanperwer  mazmunly tagallalarynyň esasy özenini düzýär.