logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan we Rumyniýanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygy ösdürilýär
  02.04.2025
3676
Türkmenistan we Rumyniýanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň wekilleri energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy​, nebitiň we tebigy gazyň iberilişiniň ýeňilleşdirilmegi hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Taraplar açyk dialogyň we bilelikdäki taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin innowasion çemeleşmeleriň ähmiýetini nygtap, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Belläp geçsek,Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri, iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we ylym-bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalar edilýär. Energetika, söwda we ulag ulgamlary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynyň biri bolup galýar.

 

Göwher OTUZOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň assistenti,
lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.