logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Turkmenistan Parahatcylygyn gozbasy
  27.10.2019
1302
Turkmenistan Parahatcylygyn gozbasy

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy günsaýyn belende galýar, ata-babalarymyzyň köňüllerinde besläp gelen arzuw-umytlary sözüň hakyky manysynda amala aşyrylýar. Ýakyn-alysdaky ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär we täze belent derejelere çykarylýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistan-rowaçlygyň Watany» ýylynyň batly gadamlaryny döwletimiziň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyňlygy bilen görmek bolýar.

    Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen biziň ýurdumyzyň ähli künjeginde täze-täze edara binalary, ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalary tapgyrlaýyn ulanylmaga berilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Biz öz harby gullukçylarymyzyň durmuş şertlerini gyşarnyksyz gowulandyrarys. Sebäbi biziň raýatlarymyzyň parahat we rahat durmuşy köp babatda goşunyň göwnejaý ýagdaýyna baglydyr» - diýmek bilen, geljekde Watan goragçylarynyň göwnejaý ýaşaýyşy üçin ähli zerur bolan mümkinçilikleri döretjekdigini nygtaýar.

    Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky tagallalary diňe bir möhüm başlangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, anyk we tutumly işleriň mysalynda durmuşa ornaşýar.

   Хäзирки вагтда юрдумызыň Гарашсызлыгыныň 28 йыллык байрамыныň белленйäн öňи сырасында юрдумызыň ичери ве дашары сыясатында газанылян üстинликлер барада хош хабарлар гелип говушяр. Şейле хабарларыň бири шу йылыň 12-нjи сентябрында Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma eýe bolandygynyň subutnamasydyr. Бу хош хабардан Тüркменистаныň Яраглы гüйчлериниň äхли харбы гуллукчыларыныň бегенjиниň, буйсанjыныň чäги ёк. Чüнки Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmäge çagyrýar.