logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Science and Education /TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi
  05.04.2026
280
TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi

S​. A​. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde (TOHU​) ýaşlaryň bilim we hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen açyk sapak geçirildi. “Döwrebap ykdysadyýetçi​ üçin diplom ýeterlikmi?” atly çäre ýaşlarda giň gyzyklanma döretdi.

 

Açyk sapakda çykyş eden ykdysadyýetçi hünärmen Aganyýaz​ Döwletgeldiýew​ häzirki zaman iş bazarynda diňe bir diplomyň üstünlik gazanmak üçin ýeterlik däldigini nygtady. Onuň bellemegine görä, hünärmen üçin nazary bilim bilen birlikde amaly tejribe, döredijilikli pikirlenmek hem-de täze tehnologiýalara uýgunlaşmak başarnygy aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Çykyşyň dowamynda sanly ykdysadyýetiň ösüşi, telekeçilik mümkinçilikleri hem-de häzirki iş bazarynyň talaplary barada giňişleýin maglumat berildi. Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, temanyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmaga gatnaşdylar.

 

Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi tarapyndan guraldy.

 

Açyk sapak ýaşlary diňe bir akademiki bilim bilen çäklenmän, eýsem özbaşdak ösüşe, täze başarnyklary özleşdirmäge hem-de geljekde bäsdeşlige ukyply hünärmen bolmaga höweslendirdi.