logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Society /Täze athananyň düýbi tutuldy
  21.10.2021
569
Täze athananyň düýbi tutuldy

 Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 2-nji oktýabrynda täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Döwlet Baştutanymyz şonda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilen täze athananyň taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanyşdy. Şondan sanlyja gün geçenden soňra, ýagny 8-nji oktýabrda milli Liderimiz Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athanany gurmak bilen baglanyşykly degişli Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine täze athananyň taslamasyny düzmek, ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

            Ýeri gelende, täze athananyňgurluşygy üçin dag tebigatynyň iň täsin, gözel we taryhy künjeginiň saýlanyp alnandygyny bellemek gerek Dag tebigatynyň hoştap howasy gözel, ýyndam atlaryň ösdürilmegine, köpeldilmegine, bedewleriň reňkine we hüý-häsiýetine hem özüniň onuň täsirini ýetirýändigi subut edilen hakykatdyr. Öoňa görä-de, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň taryhy günlerinde gadymy Oguz ilinde – Gökdepe etrabynyň gözel ýerleriniň birinde täze döwrebap athananyň gurluşygyna girişilmegi ajaýyp we şatlykly waka öwrüldi.

            Täze athananyň düýbüni tutmak dabarasy joşgunly aýdym-sazly çykyşlara beslendi. Dabara üçin niýetlenen toý meýdançasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren hoş owazly, belent mukamly aýdym-sazlary, millilige ýugrulan tanslary we halk döredijilik çykyşlary ol ýere ýygnananlaryň göwnüne ganat, şatlygyna şatlyk goşdy.

            Dabarada ajaýyp waka mynasybetli buýsançly gutlag çykyşlary hem diňlendi. Çykyş edenler täze guruljak athananyň ähmiýeti barada söz açyp, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de olaryň baş sanyny köpeltmek we talabalaýyk saklamak babatda edýän taýsyz tagallalarynyň nobatdaky subutnamasydygyny bellediler. Dabarada türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny belende göterýändigini üçin ahalteke atlarynyň çyn janköýeri hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlysözler aýdyldy. Ýeri gelende, gurluşygyna girişilen döwrebap athananyň buýrujysy bolup, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň çykyş edýändigini, athananyň umumy meýdanynyň 15,4 gektara barabar boljakdygyny, täze toplumyň çäginde dolandyryş binasynyň, weterinar desgasynyň, awtoduralgalaryň ikisiniň, höwür atlary üçin niýetlenen 60 atlyk athananyň ikisiniň, 80 sany atlar üçin niýetlenen athananyň 6-synyň, bassyrmalaryň 8-siniň, iým üçin niýetlenen ýapyk we açyk ammarlaryň, şeýle hem tehniki desgalaryň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek. Döwrebap athananyň gurluşygyny 2023-nji ýylyň sentýabrynda tamamlamak, ulanylmaga bermek meýilleşdirilýär.