logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Science and Education /Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy
  31.03.2026
396
Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy

2026-njy ýylyň 28-nji martynda Halkara nebit we gaz uniwersiteti (HNGU)-da halkara söwda boýunça bilermen Azat Annadurdyýewiň gatnaşmagynda “Eksport – global bazarlaryň gapysy” atly açyk sapak üstünlikli geçirildi.

 

Açyk sapagyň dowamynda eksportyň ykdysady ösüşdäki ähmiýeti, daşary ýurt bazarlaryna çykmagyň mümkinçilikleri we häzirki zaman şertlerinde telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin çykyş etdi. Şeýle hem ol halkara söwda ulgamynda toplan tejribesini paýlaşyp, ýaşlara öz işini ösdürmekde möhüm maslahatlary berdi.

 

Açyk sapaga uniwersitetiň talyplary, ýaş telekeçiler we mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar eksport bilen baglanyşykly sowallara jogap alyp, tejribeli bilermenden amaly maglumatlary öwrendiler. Bu açyk sapagy tejribe paýlaşmak we pikir alyşmak üçin netijeli platforma öwürdi.

 

Çäräniň ýokary derejede guralmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Halkara nebit we gaz uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-nyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi hyzmatdaşlyk etdiler.

 

Guramaçylar bu çäreleriň ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmekde, halkara bazarlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda we ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna uly goşant goşýandygyny bellediler. Şeýle çärelere yzygiderli gatnaşmak talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrýar we olaryň geljekde üstünlikli hünärmen bolup ýetişmegine ýardam edýär.