Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ Türkmen-Täjik gatnaşyklarynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak şygary öňe sürülýär ✦ ✦ Sanly ulgamyň täze mümkinçilikleri ✦ ✦ Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Talyp gözeli-2025” ✦ ✦ Aşgabatdaky saglyk merkezlerine “German Design Award Winner 2025” güwanamasy berildi ✦ ✦ Diş pastalarynyň düýbündäki reňkler näme many berýär? ✦ ✦ Tebigaty goramak bilen baglanyşykly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Medisinanyň hukuk çözgütleri ✦ ✦ Emosional intelektiň lukmançylyk pudagyna täsiri ✦ ✦ Gan aýlanyş ulgamynyň esasy komponentleri ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Sanly ulgamyň täze mümkinçilikleri
  28.02.2025
64
Sanly ulgamyň täze mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary çalt depginler bilen sanlylaşdyrylýar we innowasion ykdysadyýet kemala getirilýär. Bu ugurdaky ösüşi üpjün etmek üçin onuň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilip, maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Netijede, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak we milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek ugrunda möhüm üstünlikler gazanylýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda elektron hökümeti ornaşdyrmak we sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak arkaly döwlet dolandyryş ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Esasan-da, sanlylaşdyrma hususy ulgamdaky edaralary we kärhanalary bir bitewi sanly ulgama birleşdirýär. Bu bolsa önümçilikde ýokary hilli tehnologiýalaryň ulanylmagyna, önümleriň hiliniň we möçberiniň ýokarlanmagyna hem-de hyzmatlar ulgamynyň has-da kämilleşmegine mümkinçilik döredýär.

Sanly ulgamy ösdürmek halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ýokary derejeli hünärmenleriň we innowasiýalaryň bolmagyny talap edýär. Munuň özi kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak we innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda "Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy" üstünlikli amala aşyrylýar, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Munuň netijesinde, Diýarymyzda täze önümçilikler ýola goýulýar, ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky orny pugtalandyrylýar hem-de döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi, öz gezeginde, Türkmenistanda uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Häzirki zaman ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň, şol sanda sanly aragatnaşyk we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň önümçilige hem-de gündelik durmuşa giňden ornaşandygyny bellemek gerek. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar adaty himiki önümçilikde möhüm orny eýeleýär we adam üçin ygtybarly hem-de girdejili usul bolup durýar. Sanlylaşdyrma we awtomatlaşdyrma önümçilikde çykdajylary azaltmaga, netijeliligi ýokarlandyrmaga, çig malyň birligine düşýän ýokary hilli önümiň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. "Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak Konsepsiýasyna" laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym ulgamynda hem degişli işler amala aşyrylýar. Sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy berkitmäge, milli ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.

Bu ugurda himiýa senagatyny sanlylaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýedir. Ýokary okuw mekdepleri bilen önümçilik pudagynyň arasynda ylmy maglumat alyş-çalyş toruny döretmek uly ähmiýete eýedir. Tehnologiýanyň adamzat durmuşyna ornaşany bäri, onuň esasy wezipesi iş güýjüni, wagty we serişdeleri tygşytlamakdan ybarat bolup gelýär. Sanly özgertmeler hut şu maksada hyzmat edip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini tizleşdirmäge we jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.

 

Ýazbibi AKYMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.