logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Saglygym-baş baýlygym
  19.10.2021
840
Saglygym-baş baýlygym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglyk ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk merkezleridir öýleri, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby hem lukmanlaryň ýan kitabyna öwrüldi.Ýurdumyzda  geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar, olaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan saglyk maksatly desgalar ylmy taýdan esaslanyp gurulmagy, lukmançylygyň ykdysady taýdan netijeli bolmagyna ýardam berýär. Ilatymyzyň bökdençsiz saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilmegi, ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň meýilnama esasynda we goşmaça gerek bolan öňüni alyş sanjymlary meýilnama laýyklykda üpjün edilmegi, keselleýjiligiň ýyl-ýyldan azalmagyna ýardam berýär.

 Häzirki wagtda dünýäniň ählumumy howpuna öwrülen pandemiýa bilen göreşmek babatda Diýarymyzyň teklip edýän başlangyçlary özünde köptaraplaýyn çuňňur ideýalary jemleýär. Saglyk ulgamy boýunça ýurdumyz tarapyndan ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, BSGG-niň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamasyny düzmek, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek hem-de Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek ýaly teklipler öňe sürülýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pandemiýanyň we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almazdan, durnukly ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmek mümkin däl. Şol nukdaýnazardan, Watanymyzyň öňe sürýän bu teklipleriniň häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň çökgünli döwrüni ýeňip geçmekde derwaýys başlangyç hökmünde Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgama geçirmek, telelukmançylygy giňden ösdürmek, lukmançylyk ylmynyň öňe ösmegini üpjün etmek, keselleri irki wagtda ýüze çykarmagyň, anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullaryny işe ornaşdyrmak öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda goýulýar hem-de amala aşyrylýar. Bu işleriň sakasynda duran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!