logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Milli goşunymyz
  13.10.2021
697
Milli goşunymyz

Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ösýär, özgerýär we öňe barýar. 1992-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-ne halkymyzyň asuda durmuşyny, Garaşsyzlygymyzy, territorial bitewiligimizi goramak maksady bilen Türkmenistanyň Goranmak işleri baradaky ministrlik döredildi. Şol günden başlap Milli Goşunymyzyň senenamasy altyn harplar bilen ýazylyp başlandy. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Milli Goşuny söweşjeň taýýarlyk babatynda berk harby tertip-düzgünde ýyl-ýyldan ösýär.

Ýaragly Güýçlerimizde öz işini oňat bilýän milli hünärmenleriň sany artýar. Harby gullukçylarymyz söweşjeň tabşyryklary birkemsiz berjaý etmek üçin häzirki zaman harby tehnikalaryna, enjamlaryna, harby uçarlara we dikuçarlara başarjaňlyk bilen erk edýärler.

Milli Goşunymyzyň edermen serkerdeleri, ofiserleri we esgerleri Watanyň mukaddesligi hakyndaky öwüt ündewlerden ugur alyp, mukaddes gulluk borçlaryny ak ýürek bilen ýerine ýetirýärler. Serkerdeler esgerleri watançylyk, gahrymançylyk ruhunda terbiýelemek bilen, olara söweş ýaraglaryny ezberlik bilen ulanmagy, awtobronetank tehnikalaryna başarjaňlyk bilen erk etmegi, durmuşda gerek boljak hünärleri yhlas bilen öwredýärler.

Baş ýaraglanyş müdirliginiň tabynlygyndaky ähli harby bölümlerde Galkynyş otaglary bar. Olarda harby gullukçylar kitaplarymyzy, şadiwanlarymyzy höwes bilen okaýarlar, öwrenýärler. Galkynyş otaglary harby gullukçylary terbiýelemekde, olaryň jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygyny ýokarlandyrmakda ähmiýeti örän uludyr.

Türkmen halky hemişe söweş ýaraglarynyň hiline üns beripdir. Pederlerimizden miras galan bu däp Milli Goşunymyzda dowam etdirilýär. Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmak, harby gullukçylaryň söweşjeňlik başarnygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki zamanyň kämil harby tehnikalary yzygiderli alynýar. Şu maksat bilen UAZ-HUNTER, UAZ tiz kömek, KRAZ kysymly ýük göteriji we ýüküni özi düşüriji awtoulaglar satyn alyndy. Geljekde-de, harby tehnikalaryň, awtoulaglaryň satyn alynmagy, olaryň hemişe söweşjeň ýagdaýda bolmagy üçin Baş ýaraglanyş müdirliginde hem-de onuň tabynlygyndaky harby bölümlerde alada, tagalla ediler.

Milli Goşunymyzy kämil harby söweş tehnikalary bilen üpjün etmek, olary söweşjeň ýagdaýda saklamak üçin abatlaýyş, dikeldiş işleri hem yzygiderli geçirilýär. Her ýylda harby tehnikalaryň we awtoulaglaryň ençemesi doly abatlanyp, ulanylyşa girizilýär. Şeýle hem awtoulag tehnikalarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän akkumulýatorlaryny öndürýän zawod Ýaragly Güýçlerimiz üçin doly güýjünde işleýär. Bu zawodyň kuwwatlylygyny, öndürijiligini artdyrmak barada alada edilýär. Bularyň hemmesi Milli Goşunymyzyň harby kuwwatynyň artmagyna ýardam eder.