Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ 6-njy oktýabr — Hatyra güni! ✦ ✦ «Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly
  12.04.2025
1716
Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly

Her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesi dünýä ýurtlarynda Immunizasiýa hepdeligi hökmünde giňden bellenilýär. Bu möhüm saglyk çäreleriniň toplumyny öz içine alýan hepdelik Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ilkinji gezek 2005-nji ýylda ýola goýuldy. Immunizasiýanyň ähmiýeti barada ilaty habarly etmek, jemgyýetde keselleriň öňüni almak bilen baglanyşykly düşünjeleri ösdürmek, sanjymyň zerurlygyny wagyz etmek onuň esasy maksatlarynyň biridir.

 

Immunizasiýa — bedeni belli ýokanç kesellere garşy goramaga ukyply edýän, ýagny immunitet döredýän sanjymdyr. Waksinasiýanyň​ netijesinde adamda ýokanç kesele garşy gorag güýji emele gelýär. Bu bolsa diňe bir şahsy saglygyň däl, eýsem jemgyýetiň saglygynyň hem kepilidir. Sebäbi köpçülikleýin sanjym geçirilende, wiruslaryň ýaýramagy azalýar we toparlaýyn immunitet döredilýär. Bu ýagdaý esasan hem şol bir sebäplere görä sanjym alyp bilmeýän çagalara ýa-da hassalara goralmak üçin mümkinçilik döredýär.

 

Häzirki wagtda dünýäde 20 -den gowrak howply ýokanç kesele garşy netijeli waksinalar ulanylýar. Şolaryň hatarynda gyzamyk, gök bogma, gyzzyrma, poliomielit, B​ öýken keseli (hepatit​ B​), difteriýa​, meningit we başga-da birnäçe keseller bar. Waksinalaryň netijesinde her ýyl millionlarça adam bu howply kesellerden goranýar.

 

Türkmenistanda immunizasiýa çärelerine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ilatyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyklykda meýilnamalaýyn immunizasiýa işleri alnyp barylýar. Täze doglan bäbeklerden başlap, dürli ýaşdaky çagalara degişli ähli sanjymlar mugt geçirilýär. Munuň üçin ýurdumyz dünýäniň abraýly farmasewtika kompaniýalaryndan ýokary hilli waksinalary satyn alýar.

 

Immunizasiýa hepdeligi döwründe ýurdumyzyň ähli saglyk öýlerinde, mekdeplerde, çagalar baglarynda düşündiriş çäreleri, tanyşdyryş çäreleri, lukmanlar bilen duşuşyklar we wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Ene-atalar bilen geçirilen gürrüňdeşliklerde çagalaryň öz wagtynda waksina almagynyň, sanjym bilen keselleriň öňüni almagyň peýdalary düşündirilýär. Şeýle hem metbugatda, tele we radio ýaýlymlarynda immunizasiýa bilen baglanyşykly gepleşikler, habarlar giňden beýan edilýär.

 

Immunizasiýa hepdeligi — diňe bir saglyk işgärleriniň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň gatnaşmagynda geçirilýän möhüm saglyk çäresidir. Onuň dowamynda sanjymyň ähmiýeti barada halkyň habarlylygyny ýokarlandyrmak, keselleriň öňüni almakda jemgyýetçilik jogapkärçiligini artdyrmak maksady bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar.

 

Immunizasiýa sagdyn jemgyýetiň binýadydyr. Şonuň üçin her bir raýat öz saglygyna jogapkärli çemeleşmeli, öz wagtynda sanjym etdirmeli we öz saglygyny, şeýle hem töweregindäkileri goramaly. Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýetiň we berk döwletimiziň mizemez binýadydyr.

 

Gülnar MÄLIKGULYÝEWA​,

 

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.