logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Hasyl toýy – daýhanlaryň  rähneti
  11.11.2023
901
Hasyl toýy – daýhanlaryň  rähneti

Hasyl toýy edermen babadaýhanlarymyzyň çeken agyr zähmetleriniň ýerine düşendigini, Watanymyzyň oba-hojalyk pudagynyň pajarlap ösmegini alamatlandyrýan özboluşly baýramçylyk. Berekediň we bolçulygyň pasly bolan altyn güýzüň gözel günleriniň birinde, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabara bilen bellenýär.

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň azyk önümleriniň öndürijisi bolan daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilmegi ýurduň ösüşine we halkyň bolelin ýaşamagyna itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinda oba-hojalyk pudagynyň ösdürilmegi ugrunda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde bolsa, ýerden alynýan hasylyň mukdary we daýhanlaryň düşewündi  ýylsaýyn artýar. Tomsuň jöwzaly yssysynda maňlaý derini döküp zähmet çekýän merdana daýhanlarymyz özleriniň irginsiz zähmeti bilen özlerini we döwletimizi galkyndyrýarlar. Ýanbermezek merdanalarymyzyň zähmetine jogap edip mähriban halkymyz hem hasyl toýuny uly joşgun bilen belleýär.

 

 

Hasyl toýy ene topraga bolan mukaddes söýgüniň yhlasa ýugrulyp, dünýä ýüzüne dabaralanmasydyr. Bu şanly sene ýadawsyz çekilen halal zähmetiň rehnetidir. Şol sebäpli bu ajaýyp sene ýurdumyzyň ähli künjeginde aýdym-sazlara, hoş owazlara we ýürek joşgunlaryna beslenip uludan toýlanýar.

 

 

Goý, asuda, parahat, abadan ýurdumyzda şular ýaly şadyýan baýramlaryň dowamy dowam bolsun! Bizi eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

 

Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.