Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Goramaly bu Garaşsyz Watany
  24.10.2019
824
Goramaly bu Garaşsyz Watany

      Mukaddes araçäklerimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmekde esasy güýç serişdesi bolup hyzmat edýän biziň merdana serhetçilerimizdir. Olaryň bökdençsiz gulluk etmekleri baradaky alada Döwlet meselesiniň ileri tutulýan ugrudyr. Şu nukdaýnazardan hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz entek ýurt baştutanlygyna dalaşgärkä Aşgabat şäherinde saýlawçylaryň öňünde eden çykyşynda  “Watan goragçysy hiç zatda kynçylyk çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy-ýaragy gurat bolmalydyr”  diýip belläp geçdi. Hut şu jümleden ruhlanýan serhetçiler tutanýerli gulluklaryny uly-uly üstünliklere besleýärler. Aslynda "Dünýäde näçe ynsan bar bolsa, şonçada pelsepe bardyr" diýilýän dünýäde ähli ynsanlar üçin bir bitewi, ähli düşünjedir, pelsepeleri özünde jemläp bilýän bir mukaddes pelsepe "Watan" pelsepesi bar. Ynsanlaň aň-duýgulary dürli-dürli bolsa-da Watan mukaddesligi ýeketäkdir. Serhedi ýassanyp ýatan topragymyz bolsa şol mukaddesligiň gözbaş alýan, başlanýan ýeridir. Hut şonuň üçin hem "Watan serhetden başlanýar" diýilýär. Dogurdan-da geçmişiň mertebeli buýsanjy, şu günleriň mizemez asudalygy, ojaklaryň abatlygy, çagalaryň şat gülkileri, juwanlaň röwşen erteleri, ynama öwrülen söýgüniň bagtyýarlygy mukaddes Watan serhetlerinden başlanýar. Gijeleriň düýşlerine berilmän, hüşgärligi baýdak edinip Watan serhetleriniň ygtybarly sakçysyna öwrülip duran serhetçiler jana dözülen dözüm  bilen keremli topragyň mukaddesligin, millionlarça ynsanlaryň bagta laýyk ykballaryny görýärler. Müňlerçe, belki millionlarça maşgalalaryň gapylarynyň ak daňlarda umyt bilen açylyp, ýyldyzly gijeler hiç hili howp-hatarsyz başlaryny ýassyga rahat ýetirip bilmekleri mukaddes serhetleň ygtybarly goragyndan başlanýar. Şol mukaddes goraga bagyşlanan ömürleriň alkyşynda bolsa şu günüň gülleýişleri geljege bolan umytly garaşmalar, sözleri dabara dolduran rahatlykda, baş jemlikde tutulan toýlaryň ak alkyşlary jemlenendir. Hut şonuň üçin hem serhetçi bolmak, serhetçiniň hünäri iň mertebeli, iň alkyşly hünärleriň biri. Has takygy bolsa bu kär däl, bu ykbal. Çünki ynsan, ynsan bolup gadam goýan topragynyň goragyna  elmydama taýýar bolmalydyr. Watan söýgüsi her kalbyň beýikliginiň we mertebesiniň ölçegidir. Geçmişde at dabyradyp, dünýäniň dört künjegine gadam goýan halkymyz, ser bersede mele ýerini kesekä rowa görmändir. Şonuň üçin hem bu toprak, bu Watan gyrmyzy ganlar, biwagt üzülen janlar, gazabyna gylyç gemren dogumlar, gerek bolsa akja bäbäk tutmaly näzik gollara erkekler bilen deň hatarda ýitirilen ýaraglar bilen goralan mukaddeslikdir. Şol gorap ýörmeli Watan, ebedi mukaddes. Ol düýn şeýle bolupdy, şu gün hem gerek bolsa geljek müň ýyllyklarda hem şeýle bolar. Şeýle umumy mukaddeslikleriň gözbaşy bolan  mukaddes serhetlermiziň şol mukaddes gulluga öz ykballaryny baglan serhetçi serkerdelerimiziň, borçnamalaýyn harby gullugy geçýän harby gullukçylarymyzyň jogapkärli we buýsançly gulluga bolan höwesleri ýüreklere öçmez buýsanç bagyşlaýar. Çünki munuň özi türkmen ýigitleriniň Watan goragyny, onda-da mukaddes serhetlermiziň goragyny özlerine beýik mertebe saýmak bilen ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, dogumlylyk, mertlik ruhuny şu günüň talabynda kämil aňlap bilmesi bolup durýar. Öz kesbine wepaly, dost-doganlyk serhetlermiziň ygtybarly goragynda hüşgär durýan edermen serhetçi serkerdelermiziň barlygynda asuda günlermiziň rahatlygynyň dowamat-dowamdygyna tüýs ýürekden ynanyp bolýar. Şeýle edermen, gerçek ýigitleriň her ýylda birnäçesiniň tutanýerli gulluklary nazara alnyp, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan höweslendirmeleriň dürli görnüşleri bilen höweslendirilýär. Elbetde bu höweslendirmeler “Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri” diýen jümläniň hakykat ýüzünde dabarlanmasy bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň gymmatly wagtyny sarp edip, serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertleri bilen tanyşmak, täze serhet galalaryň we ýörite maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde birnäçe gezek iş saparlarynda boldy. Türkmenistanyň   Prezidenti,   Türkmenistanyň Ýaragly   Güýçleriniň    Belent   Serkerdebaşysy goşun generaly   Gurbanguly Berdimuhamedow: “Serhet goşunlaryny häzirki zamanyň iň kämil harby tehnikalary we beýleki serişdeleri bilen üpjün edip, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berýäris” ”- diýip nygtamak bilen, durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň çäklerinde Serhet goşunlarynyň häzirki zamanyň iň kämil ýaraglary, söweşjeň tehnikalary we beýleki enjamlar bilen üpjün edilmegine aýratyn uly üns berýär. Harby gullukçylaryň azyk önümleriniň hili, görnüşi hem möçberleri ýokarlandyryldy, ýokary hilli egin-eşikleri bilen bir hatarda üpjünçiligiň ähli görnüşleri gowulandyryldy. Bu bolsa Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňe süren harby özgertmeleriniň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändigiden habar berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda beýik maksada okgunly milli terbiýeçilik çäreleriniň geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda mynasyp gaýduwsyz kämilleşen serhetçileriň kemala gelendigini hem guwanç bilen aýdyp bileris. Şonuň üçin hem biz geljege ynamly garaýarys we hormatly Prezidentimiziň Serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada durmuşa geçirýän we geçirjek ynsanperwer işlerinden netijeli peýdalanyp hem-de bu bimöçber uly aladalara çyn ýüregimiz bilen düşünip, mundan beýläk-de serhet abatlygyny, Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugta hem mertlerçe goramak bilen, zerur çäreleri durmuşa geçirmek-de ýadawsyz işläp, mähriban halkymyza, mukaddes Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşysyna hemişe wepaly gulluk ederis