logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gadymyýetden gözbaşly Nowruz
  10.03.2025
1667
Gadymyýetden gözbaşly Nowruz

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasy we milli däp-dessurlary täzeden janlanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

 

Halkara Nowruz güni hem milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, onuň gadymy däpleri baý medeniýetimiziň çuňňur köklerinden gözbaş alýar. Bu baýram, adamzat siwilizasiýasynyň möhüm bölegi hökmünde, halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen ýaýran Nowruz däpleri, halk döredijiligi we toý tagamlary bilen birlikde biziň günlerimize çenli gelip ýetdi.

 

Taryhyň müňýyllyklaryndan gözbaş alýan Nowruz baýramy bolçulygyň, ruhy tämizligiň we bahar paslynyň ajaýyplygynyň nyşanydyr. Zeminiň gül-gülälege bürenýän, tebigatyň janlanýan günlerinde Nowruz baýramy türkmen halkynyň ýaşaýşynda aýratyn orna eýedir. Şahyrlar we ýazyjylar bu milli baýramy çeper sözüň üsti bilen beýan edip, onuň ajaýyplygyny wasp edipdirler.

 

Eziz Diýarymyzda belent ruhubelentlik bilen bellenilýän Halkara Nowruz güni ýurdumyza täze sepgitler we gülläp ösüşler getirsin!

 

Oguljemal Annaýewa,

Myrat Garryýew​ adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň
öwreniji mugallymy.