logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Health /Farmakodinamika​ barada
  02.04.2025
555
Farmakodinamika​ barada

Farmakodinamika​ – derman serişdeleriniň organizme edýän täsirini we şol täsirleriň döreme mehanizmini öwrenýän ylymdyr. Ol dermanlaryň nädip täsir edýändigini, täsir güýjüni, dowamlylygyny we derman bilen organizmiň arasynda ýüze çykýan biologiki özara täsirleri seljerýär. Başgaça aýdanyňda, farmakokinetika​ derman serişdeleriniň organizmdäki hereketini öwrenýän bolsa, farmakodinamika​ olaryň edýän täsirine ünsi gönükdirýär.

 

Derman serişdeleri köplenç öýjükleriň ýüzünde ýa-da içinde ýerleşýän ýörite belog gurluşlary bolan reseptorlar bilen täsirleşýärler​. Derman bilen reseptoryň​ arasyndaky bu özara täsir derman serişdesiniň täsirini herekete getirýär. Derman serişdeleri iki esasy topara bölünýär: agonistler​ we antagonistler. Agonistler​ reseptor​ bilen birleşip, onuň işjeňligini güýçlendirýärler we täsir döredýärler. Antagonistler bolsa reseptora​ birleşip, onuň täsirini petikleýärler ýa-da öňüni alýarlar.

 

Farmakodinamika​ şeýle hem derman serişdeleriniň dozasy​ bilen olaryň täsiriniň arasyndaky baglanyşygy öwrenýär. Köplenç doza​ artdygyça täsir hem artýar, emma belli bir derejeden soň täsir ýokarlanman durnukly ýagdaýda galýar. Bu ýagdaý “doza​-täsir” gatnaşyklarynyň esasy kanunlarynyň biridir. Şeýle-de, dürli adamlarda dermanlaryň täsiri dürli bolup biler, bu bolsa genetiki aýratynlyklara, ýaşaýşa, ýaş, jyns ýa-da beýleki faktorlara baglydyr.

 

Farmakodinamiki​ täsirleriň görnüşleri dürli bolup biler: bejeriji täsir (islenýän täsir), zäherli täsir (doza​ aşa ulanylanda ýüze çykýan), hem-de ters täsir (çak edilmedik ýa-da ýaramaz täsirler). Derman serişdeleriniň organizme ýetirýän netijeleri diňe bir peýdaly bolman, eýsem kähalatda zyýanly hem bolup biler. Şonuň üçin farmakodinamiki​ maglumatlar lukmançylykda derman saýlamakda, dogry dozany​ kesgitlemekde we howpsuz bejergi geçirmegi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.