logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Science and Education /Bilim arkaly beýik geljek döredilýär
  05.11.2022
987
Bilim arkaly beýik geljek döredilýär

Şöhratly taryhy, şanly şu güni, nurana geljegi bolan halkyň maksady hem beýikdir. Şu nukdaýnazardan, biz özümiziň beýik maksatly halkyň wekilidigimize buýsanmaga haklydyrys. Maksadymyzyň beýikligi halkymyzyň öz döredijilik güýjüne we has-da bagtyýar geljegine bolan ynamynyň uludygyndan habar berýär. Şeýle hem bu buýsanç we ynam biziň Watanymyza bolan söýgimizi artdyrýar, ony has-da gülledip ösdürmek boýunça giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işlere goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir» diýip belleýär. Bu hakykatyň älem içre belent ykrara eýedigini nygtamak bilen, ylmyň hem-de bilimiň ähli ösüşleriň gözbaşy bolup durýandygyny aýratyn bellemek möhümdir. Adamzat ýaşaýşy üçin gymmatly hazyna ylym-bilimde jemlenendir.

Häzirki döwürde ylmy ösdürmekde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmelere laýyklykda, ylymly-bilimli, öňdebaryjy tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek boýunça hem giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimizde ylym ulgamyna düýpli özgertmeler ornaşdyrylýar. Ylym ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, binýadyny berkitmekde döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilime sarpa goýýan halkymyzyň durmuşynda ylmyň näderejede uly güýçdügine döwletimiziň ösüşdir özgerişleri-de aýdyň şaýatlyk edýär.

Goý, ýaşlaryň baky bagtyň aýasynda bagtyýar ýaşamaklary, okamaklary we hünär öwrenmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Ogulnar BABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.