Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýol hereketiniň howpsuzlygy öýlerimiziň we ýollarymyzyň abatlygy
  24.09.2024
136
Ýol hereketiniň howpsuzlygy öýlerimiziň we ýollarymyzyň abatlygy

Ählimize mälim bolşy ýaly, her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar.

 

Täze taryhy döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

 

Awtoulaglaryň sanynyň barha köpelmegi ýollarda dürli kysymly ulaglaryň hereketiniň ýyl-ýyldan ýygjamlaşmagyna getirýär. Şol sebäpli hereketi sazlaşykly guramak, onuň howpsuzlygyny gazanmak meselesiniň ähmiýeti artýar. Ýol-ulag hadysalarynyň, ilkinji nobatda, bellenen tizlik kadasynyň talaplarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýandygy hemmelere mälimdir. Ulag serişdesiniň ýokary tizligi, tehniki taýdan näsazlygy we şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlar sürüjilerdir pyýadalar, şeýle hem ýol hereketiniň sazlaşygy üçin howp döredýär.

 

Ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek her bir ýol hereketine gatnaşyjynyň möhüm borjy bolup durýar. Ýolda özüňi alyp barmagyň ýokary medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligiňe düşünmäge gönükdirilen çäreler talyp ýaşlaryň arasynda hem guralýar. Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy öýlerimiziň we ýollarymyzyň abatlygydyr.

 

Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutunyň talyby.