Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlyk dillerimiziň senasy!
  23.09.2024
186
Garaşsyzlyk dillerimiziň senasy!

Hemmämiziň bilşimiz, ýaly Ata Watanymyz Baky Garaşsyzlygymyza 1991-nji ýylyň tylla güýzinde eýe bolanyndan bäri,  türkmen taryhynda altyn harplar bilen ýazylan Garaşsyzlyk baýramçylygymyz  her ýyl uly şatlyk şowhun bilen bellenip gelinýär. Garaşsyzlyk - her bir ynsanyň kalbynda ýaşaýar we onuň waspy dillerden düşürilmän  bagşy sazandalarymyzyň aýdymlarynda şahyrlarymyzyň goşgularynda Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşleri we eşretleriniň waspy ýetirlýär.

Şu ýerde, ýadymyza şahyr Atamyrat Atabaýewiň "Garaşsyz"goşgusy seriňe dolýar:

Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy
Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.
Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —
Türkmen, bu gün gadym ýurduň Garaşsyz

Goşgy setirlerinden belli bolşy, ýaly häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz   Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörjülikli we parasatly alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde – döwletimiz ösýär, özgerýär beýik sepgitlerden sepgitlere ýetýär,  şeýle hem dünýä döwletleriniň üns merkezinde bolup gelýär.

 

Munuň esasy sebäpleriniň biri hem mizemez sütünlerimiziň binýady hökmünde çykyş edýän Baky Garaşsyzlygymyzdyr.

 

Ýene sanlyja günlerden şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy uly şatlyk şowhun bilen bellenip geçilmegine garaşylýar.

 

Gülläp ösýän Garaşsyz, Bitarap döwletimizde Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi. Ýurdumyzyň her bir pudak edaralaryň işgärleri  Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň 33 ýyllygna sowgatlary bilen barýarlar. Ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramçylygymyz bilen bütin külli halkymyzy Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutlaýarys! Goý, hemişe Watanymyz ösüşlerden ösüşlere ýar bolsun!

 

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetinin 3-nji ýyl talyby.