Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy
  03.05.2024
230
Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy

Ýurdumyzda ähli möhüm pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, halka hödürlenýän hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda alyp barmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de, döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili barha  ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.

 

Bu ulgamda sanly tehnologiýalaryň ýeňilliklerinden peýdalanmak bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary ýokary derejä çykarýar.


«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, raýatlarymyza köpdürli amatlyklary döredýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösmegine giňden ýardam edýär. Türkmenistanyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Goýum bank karty», «Maşgala», «Owerdraft» bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly, şeýle-de sanly ulgamyň kömegi bilen «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly nagt däl görnüşde geçirilýän hasaplaşyklaryň amatlyklaryndan raýatlar uly gyzyklanma bilen peýdalanýarlar.

 

Alnyp barylýan şeýle işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň «Watan-diňe halky bilen Watandyr. Döwlet-diňe halky bilen döwletdir» diýen baş ýörelgesiniň hakykat ýüzünde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ilerlediji güýç bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. 

 

Merjen ŞÜKÜROWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky 
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.